direlmek 1 işlik

[di:relmek]

  1. Jan gelmek, jan girmek, janlanmak (janly zatlar hakda).

    • Ynanman duramok weli, gury agajyň janlanmagy öleniň direlmegi bilen deňräkmikän hasap edýän. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Bir işi ýerine ýetirmekde aýak üstüne galmak, ruhlanmak, janlanmak.

  3. Öňki katdyna gelmek, öňki derejesine ýetmek, dikelmek.

  4. Agyr keselden açylyp sagalmak, ölümiň gyrasyndan gaýtmak.

    • Mazaly, Çary aga direläýdi -- diýşip, bir goýun soýup, toý edip, obany-da çagyrdylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

direlmek 2 işlik

[di:relmek]

  1. Direg bolmak, daýalmak, söýget bolmak, söýelmek.

  2. Bir zadyň ujy ikinji bir zada degip durmak, degmek, dürtülmek.

    • Halnazar sandyrady, ýokaryk galdyran kepjesi kem-kemden aşak indi, ýere direldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ünsi dikilmek, nazar düşmek, göz öňüne gelmek, seredilmek.

    • Hemmäniň gözi Pökgi wala direldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Artygyň gözüniň öňüne birdenkä üýtgeşik bir ýagdaý gelip direldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • direldi
  • direlen
  • direlende
  • direlenine
  • direlenini
  • direlenok
  • direlensoň
  • direler
  • direlerin
  • direlip
  • direljekdi
  • direlme
  • direlmegi
  • direlmegine
  • direlmejegini
  • direlmek
  • direlmesin
  • direlmez
  • direlse
  • direlsin
  • direläýdi
  • direlýän
  • direlýänligi
  • direlýänçä
  • direlýär
  • direlýärler