direg

[di:reg]

  1. Diräp söýget etmek üçin peýdalanylýan agaç.

    • Onuň direg üçin öýe salany uzyndan-ýogyn, gabygy sypyrylmadyk pürsdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Ýel ösende, gara öýüň çagarygyna diremek üçin ulanylýan ujy hatjaly uzyn sütün, agaç.

    • Öýe çöwüş etdiler, direg urdular.

  3. Arkadaýanç, daýanç, esas.

    • Sizi taryp edip, aýdýaryn açyk, Biziň guwanjymyz, arka diregmiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)