dikeltmek işlik

  1. Ýerinden galdyrmak, ör turuzmak, dim-dik edip goýmak, galdyrmak.

    • Aman poşçy özüniň daýaw göwresini dikeldip: -- Sähet! Karpat dagynyň töwereginde gezen günleriň ýadyňa düşýärmi? -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Aýaga galdyrmak, ösdürmek, ýaýbaňlatmak.

    • Halk hojalygyny dikeltmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dikeltmek - dikeldýär, dikelder, dikeldipdir.