diş

[di:ş]

  1. Iýmiti dişläp almak, çeýnäp iýmek üçin agyzda ýerleşýän süňk.

    • Atlar dişleri bilen öňlerine germelen agaçlary gemirdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Baharyň hünji dek düzülen dişleri ak sadap ýaly ýyldyrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Dil -- bela, diş -- gala. (nakyl)

    • Diş dişe degenden, daş daşa degsin. (nakyl)

  2. Instrumentleriň, gurallaryň, maşyn bölekleriniň we ş. m. dişelen tarapy, kertik-kertik ýeri.

    • Byçgynyň dişi.

    • Çarhyň dişi.

diş çalmak

  1. Ukuda dişleriňi gysyp gyjyrdatmak.

    • Annaguly gözüni açman: -- Hümm, bolýa-bolýa... -- diýip, dişini bir-iki ýola çalan boldy-da, beýlesine agdarylyp ýatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Bir zadyň hyjuwly arzuwynda bolmak.

diş gyjamak

seret gyjamak

  • Agsak mürze gözlerini alardyp, dişlerini gyjardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

diş gysmak

Hiç zat diýmän, geplemän, içiňi hümledip ýörmek.

  • Bäş-üç gün dişimi gyssam, elbetde, bu-da geçer. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men bütin ömrümi dişimi gysyp geçirdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

diş ötmek

Aýdan-diýeniňe gulak asdyrmak, diýeniňi etdirmek.

diş ötmezlik

Özgä hiç zat edip bilmezlik, zelel-zyýan ýetirip bilmezlik.

  • Mämmetweli herkime biz ýalylaryň dişi ötmez. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

dişinde et galmak

Sütemli iş edip, hiç hili garaw görmezlik.

  • Muny töleseň, olar ýene salgyt salar, olaryň dişlerinde et galar.

dişini dökmek

  1. Azap bermek, sütem etmek.

    • Bu öý bizi halys garratdy, dişimizi dökdi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

  2. Urmak, ýençmek.

dişiňi çarhlamak

Bir zada zor taýýarlyk görmek.