diň

diň arkan serrelmek

Arkanlygyna ýykylmak.

  • Pökgi wala diň arkan serrelip, agdarylan pyşdyla döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

diň göge galmak

seret gök2

  • Zähmetden köp zat dörep, Jaýlar diň göge galýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)

diň gökden gelmek

seret gök2

diň salmak

seret diňlemek

  • Aknabat ejäniň ýanyna gelip, elini arkasyna tutup, diň salyp durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

diň

Gözegçilik etmek, seretmek üçin palçykdan ýasalan minara; laýdan edilen uzyn we togalak beýiklik.

  • Spassk diňlerinden yşyk ýaldyrap, Bütin Moskwany ýagtyldýan ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)