dessur

[dessu:r]

  1. Köpçülikleýin kabul edilen däp, nesilden-nesle geçýän düzgün-tertip, adat.

    • Ýene-de agşamlaryna yşyk ýakyp oturmagy özlerine dessur edinipdirler. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Her bir halkyň öz däpleri we milli dessurlary bar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Düzgün, kada, endik.

    • Nahary hemmesi agzybirlik bilen iýmek bu maşgalada ata-babadan gelýän dessurdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • dessura
  • dessurda
  • dessurdan
  • dessurdy
  • dessurdyr
  • dessurlar
  • dessurlara
  • dessurlaram
  • dessurlarda
  • dessurlardan
  • dessurlardy
  • dessurlardyr
  • dessurlary
  • dessurlary-da
  • dessurlarydyr
  • dessurlarymyz
  • dessurlarymyza
  • dessurlarymyzda
  • dessurlarymyzdan
  • dessurlarymyzy
  • dessurlarymyzyň
  • dessurlaryna
  • dessurlarynda
  • dessurlaryndan
  • dessurlaryny
  • dessurlarynyň
  • dessurlaryň
  • dessurly
  • dessury
  • dessurydyr
  • dessurym
  • dessurymyz
  • dessurymyzy
  • dessuryn
  • dessuryna
  • dessurynda
  • dessuryndan
  • dessuryny
  • dessurynyň
  • dessuryň