dert at

  1. Uzak wagt dowam edýän kesel.

    • Çig et -- et getir, çig tüwi -- dert getir. (nakyl)

  2. Alada, ünji, azar, iş-güýç.

    • Aý, eje, sen hem öz işiň, derdiň bilen boluberseň bolmaýarmy! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Aý, şu tohum gylýallar hem maňa bir artyk dert bolýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dert - derdim, derdiň.

derdi başyndan aşa

Iş-aladasy köp bolan, öz işine-güýjüňe ýetişip bilmezlik.

  • Dertleri başyndan aşa daýhanlar olaryň gykylyklaryna gulak salmaýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

derdi özüne ýetik

Iş-alada bilen gümra bolan, aladasy, azary özüne ýetik bolan.

  • Onsuz-da olaryň dertleri özlerine ýetikdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

derdini gozgamak

Könäni, geçeni ýatlap gaýgylandyrmak, gussa çekdirmek.

  • Aýna Şekeriň şol halyny kemsiz aňlaýardy, emma onuň derdini gozgamak islemeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

derdini paýlaşmak

Çekýän aladasyny, azabyny sorap göwünlik bermek.

  • Meniň derdimi paýlaşýan, ýükümi ýeňledýän sensiň. («Görogly» eposy)