derlemek işlik

  1. Der çykarmak, endamyňa der, çyg çykmak.

    • Uzak ýoly ýören adamlar burçak-burçak derleýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Çaý içip derlemek.

  2. Göçme manyda Bir zadyň üstünde köp zähmet çekmek.

    • Mazalyja derlemeseň iş bitmez.

  3. Göçme manyda Çyg, nem bilen üsti, ýüzi örtülmek.

    • Aýnanyň ýüzi derleýär.