derjikmek işlik

Çala derlemek, çygjarmak.

  • Derjigen bugdaýreňk ýüzüni atyrlanan owadan elýaglygy bilen süpürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem derjikmek - derjigýär, derjiger, derjigipdir.


Duş gelýän formalary
  • derjigen