derek1 at

Botanika Söwütler maşgalasyndan bolan dik ösýän ýyldyrawuk ýaprakly agaç.

  • Ekilen gök deregiň başyny asmana göterip, obanyň üstaşyr görünýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem derek - deregi.

derek2 at

  1. Habar, ideg, ugur.

    • Deregiň kimden soraýyn, Sensiz ne meýlis kylaýyn. («Görogly» eposy)

    • Men ondan derek bilmedim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Gram. Ornuna, ýerine, öwezine, üçin.

    • Gerek deregi ýykar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem derek - deregi.

deregi dargamak

Bir zatdan nam-nyşan galmazlyk.

derek tapmak

Biri ýa-da bir zat hakda habar eşitmek, nirede we neneňsi, nähilidigini bilmek.