dereje at

  1. Bir zadyň deňeşdiriliş ululygy, ölçeg, möçber, belentlik.

    • 6-7 günden soň, Akmyradyň gyzgyny 39-40 dereje mündi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Bir wezipe, kär, ylym üçin berilýän at.

    • Belli bir temanyň üstünde işläp, alymlyk derejesine ýetjek bol! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Hal, ýagdaý.

    • Bularyň dostlugy şu dereje ýetdi, hatda bular biri-birinden aýry nahar hem iýmeýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Mertebe, abraý.

    • Urşuň salan ýarasyny sen hiç kimden soramaly däl-de, gahrymana hormat goýmaly, onuň derejesini götermegi bilmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Grammatik termin Hereketiň obýektine we subýektine bolan obýektiw gatnaşygyny görkezýän işlik kategoriýasy.

    • Düýp dereje, şäriklik dereje.

  6. Grammatik termin Sypatlaryň görkezýän hilleriniň nä haldadygyny bildirýän kategoriýa.