depmek işlik

  1. Toýnak salmak (mal barada) ; aýagyň bilen urmak (adam barada).

    • Eşek semrese, eýesini deper. (nakyl)

  2. Ýeri pil bilen agdarmak, agdaryp bejermek.

  3. Göçme manyda Ulagy çalt sürmek, çapmak, at salmak.

    • Anha, atlar eýerlengi dur, howatyrly ýagdaý duş gelse, müner-de deperin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Meret derrew ol iňňildi sesiň çykan ýerine ýabysyny depdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Tüpeň göçende, bady yzyna urmak.

    • Ýok, sen atyp bilmersiň, bu tüpeň gaty depýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

bir depen ýeriňi depip durmak

Bir diýen zadyňy zol gaýtalap durmak.

  • Şo bir depen ýeriňi depip dursuň. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

ýer depip durmak

seret ýer