depin

Pil bilen bir gezek depilip alynýan çuňluk, pili boýladyp depilen ýer.

  • Illeriňkiden bir depin çuň gazylypdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

depin etmek

Jaýlamak, gömmek.

  • Uly il bolup Göroglynyň jynazasyny okap, depin etdiler. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • depine
  • depini
  • depiniň
  • depinlik