depe

  1. Tebigy ýa-da emeli ullakan gum tümmegi, üýşmegi.

    • Deňizlerde turan tolkun mysaly, Ýatyr geriş-geriş depeler çölde. (A. Haýydow, Gök asman)

  2. Bir zadyň çür başy, iň ýokarky nokady, süýr başy, kelle, baş.

    • Uçut gaýalaryň ýüzlerinden aýlanyp, dolanyp gidýän ýoda beýik dagyň depesine çykdy. (A gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz. (nakyl)

  3. Kömekçi söz rolunda.

    • Depesinden oklaryň jyssyldap geçýänini eşiden Artyk, okuň özünden atylýanyny aňlady-da, pessejik daş haýatyň syrtynda bukuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

depe saçy düýrükmek

seret depe saçy üýşmek

  • Oslanmazdan depe saçy düýrügip, Birdenkä goýberdi özün aşaga. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

depe saçy üýşmek

seret saç

  • Myraly biline ýüp dakyp, guýynyň düýbüne ýetende depesiniň saçy üýşüpdir. (Myraly)

  • Onuň ýabysy boýnuny hekgerdip, ýoluny kesip geçen baýtallyny gördi-de kişňedi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Muňa Annagulynyň depe saçy üýşüp, der basyp gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

depesi göge ýetmek

Bir zada ýa-da bir işe şatlanyp, örän hoşal bolmak, monça bolmak, göwni bitmek, begenmek.

  • Otdan abat çykyp geldi sag-aman, Depäm göge ýetdi meniň şol zaman. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Bu wezipe Annagulynyň depesini göge ýetirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Meni seniň özüňe ogul edinmegiň meniň depämi göge ýetirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

depesinden sowuk suw guýlan ýaly bolmak

Bir zat hakda eşidip, allaniçigsi bolmak, birdenkä bir zada haýran galmak.

  • Öz adyna gabat gelende bolsa, depesinden sowuk suw guýlan ýaly: -- Bäh-ä, iş gaýtdy -- diýip, döşüne urdy-da, zöwwe ýerinden turdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

depäňden gum sowurmak

  1. Zähmet çekip işlemek.

  2. Bir işi ýa-da başga bir zady etmedim diýip boýun almazlyk.