demir

Kümüş reňkli agyr metal, çoýnuň we poladyň esasy düzüm bölegi, himiki element.

  • Demire dem berýär goly Aýlaryň. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Ýerde ýatan gyýkym-gyýkym posly demirlere gözüni gezdirmäge başlady. (A Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol çym-gyzyl bolup duran uzyn demri körükden çykaryp, ony ýekedaban bilen ýençgiläp durdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem demir - demri.