Dem tutulmak, bir sebäbe görä demiňi kynlyk bilen almak, bogulmak, demjikmek.
Öýleriň ýanynda adam-da, agaç-da, kölege-de görünmän, bu oba edil yssy howada demigip guran ýalydy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Ol demigýär, huşundan gidip sojaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Baý aga başymy aşak egsem, birden sen hem onuň bujagyny bogaýsaň demigerin. (Myraly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem demikmek - demigýär, demiger, demigipdir.