Agyz ýa-da burundan öýken arkaly alnyp goýberilýän howa.
Onuň gyzgyn demi meniň ýüzüme çawýardy. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)
Az wagt, az salym, sähelçe wagt, bir salym.
Bir dem aýra düşsem onuň ýanyndan, Göwnümiň baharyn garly gyş alýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göz açyp-ýumýança, tiz, häzir, derrew.
Şu ýerde näme isleseň aýt, bir demde dagadyp taşlaýyn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Dynç almak.
Olar hem şu ýerde dem alýarlar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Dynjyny bermek, dynç aldyrmak.
Şoňa akylyň ýetýän bolsa, ryçagy al-da, burawça dem ber! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zada ýel berip çişirmek.
Gowy bişmek üçin buga goýmak.
Çaýçy uly rahatlyk bilen ýag salyp, palawa dem berýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Höwre gelmek (baýtal, eşek hakda).
Birneme ynjalmak, gahary ýatyşmak, köşeşmek.
Elbetde, Halnazaryň demi düşüşýänçä, Aýnany bu töwerekde saklap bolmaz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Artyk, demiň biraz düşüşsin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Asuda dem alyp bilmän, heläk bolmak, kynçylyk çekmek, gyssanmak.
Urulýan ýigidiň demi içine doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret demi-demine sygmazlyk demi-demine sygmazlyk
Umsagülüň demi içine sygman, sojap, Halnazara gürrüň bermäge taýynlananda, gapydan gelen Pökgi wala habar bermäge durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Howlugyp, çalt-çaltdan dem almaklyk.
Mübäşir Mämmet eli panusly gelip, demi-demine sygman, samana garady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Birinden gaçyp gutulyp bilmek, biriniň gahar-gazabyndan gidip bilmek, gutulmak.
Çary çamanyň Horezm ülkesindin çykmajagyny, Horezmde bolsa öz deminden sypmajagyny, ol bilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sesiňi çykarmazlyk, sem bolmaklyk, geplemän oturmaklyk.
Asuda dem alyp, özüňe gelmek, özüňi rastlamak, normal hala gelmek.
Nurjemal demini dürsedi we indi näme etmelidigi barada paýhasly pikirlenmäge durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ukuda basyrganan Wüşi kel hem demini dürsäp, bir käse çaý içip, indi özüni rastlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýokary geç, otur, demiňi-dagyňy bir dürse ahyry! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ölüm halynda ýatmak, öljek-öljek halda bolmak, örän agyr syrkawlyk ýagdaýynda bolmak.
Ol biçäre demini sanap ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Artyk demini sanap ýatanyň Kilwandygyny tanady-da, onuň aryny duşmandan öterek almak niýeti bilen bäşataryny berdeňkä çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Agyr syrkawlyk we ş. m. zerarly örän kynlyk bilen dem almak.
Iki egniňden dem alýanyn görensoň, Päliniň betligin Aýlar hem bildi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Tä ölýänçä, tä wepat bolýança.
Biz iň soňky demimize çenli galany gorarys, emma biziň güýjümiz özüňe mälim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Şol wagtda, şol pursatda, bada-bat.
Ol şol demde gözüni açdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aýlaryň kinesi uçdy şol demde. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Şa köşgi durşy bilen şol demde aýaga galdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Bir zada gynanyp, ahmyr çekip, köp howa sorup dem almak, içiňi çekip dem almak.
Türmede! -- diýip, ene uludan demini alyp aýtdy. (M. Gorkiý, Ene)
Uludan alynýan demler bug däl-de, ýalyn bolup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Wepa özleriniň gözel ýaşlyk döwürlerini gözüniň öňüne getirdi we kagyza seretdi-de, uludan demini aldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)