delalat

[dela:lat]

  1. Könelişen söz Haýyr, peýda, kömek, ýardam.

    • Seniň hem bize bir kömegiň, delalatyň degen ýeri bolsun ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýaş buldurýan gökje gözün mölerdip, Delalat isleýän ýaly zarlaýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Ejemden, kakamdan, gelnejemden delalat taparmykam diýip, olara-da şunça düşündirjek boldum -- bolmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Çäre, alaç.

    • Biziň derdimize bir delalat edeweri! («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • delalata
  • delalatlary
  • delalaty
  • delalatymyň
  • delalatyndan
  • delalatyny
  • delalatynyň
  • delalatyň