dek 1

Ümsüm, ýuwaş.

  • Bir minut dek oturma, Wagtyňy boş ötürme. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Dek gezip ýörmegi-de başaraňok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Eger siz olary dek gezdirip bilseňiz, biz şol gulaga ýakymsyz sözi sözlügimizden bütinleýin öçürmäge häzir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Dek gezen-dok gezer. (nakyl)

dek 2

«Ýaly, kimin, deý» diýen many aňladýan sözsoňy kömekçi.

  • Ak altyndan dag dek köp harman üýşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bagda bir howuz bar, aýna dek suwy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dekin
  • dekli
  • deksiň