degna

degnasyna degmek

Janyna degmek, gaty ynjatmak, soňky derejä ýetýänçä gaharyny getirmek.

  • Ine, onuň şeýle bolgusyz gylyklary degnasyna degensoň, jaýymy täzelemeli boldum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Olaryň anyk jogap bermän, gaýta ýaňsa alyp gülmekleri onuň has-da degnasyna degýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol sözler Sarynyň degnasyna degse-de, ol darykmady, giňlige saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)