degmek işlik

  1. Bir zat ikinji bir zat bilen galtaşmak, ýanaşmak.

  2. Atyp ýa-da salyp nyşana we ş. m. galtaşdyrmak, urmak.

    • Daş baryp yzky maşyna patlap degdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

    • Iki sany ok maşynyň gapdal demrine degipdir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  3. Ýokuşmak, sürtülmek.

    • Wepanyň eline bir hili ýelmeşik zat degdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Öz bahasyna, nyrhyna, gymmatyna mynasyp bolmak.

    • Kyrk guzuly goýna degip duran mata-da bereýin. («Görogly» eposy)

  5. Azar bermek, ynjatmak.

  6. Göçme manyda Oýun etmek, bälçireşmek.

    • Ýöne bu zatlary bize degip aýdýarsyň-la? («Görogly» eposy)

    • Aşyr Maýsa degip güldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

agyr degmek

seret agyr

  • Bu sorag Gylyç Gajar ogluna örän agyr degdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

degip geçmek

Az wagtlaýyn barmak, baryp gitmek, biriniňkä sowlup geçmek.

  • Eger ertir ony görseňiz, onuň bir minutlykça meniň öýüme degip geçmegini soraň. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

el degmek

seret el

göwne degmek

seret göwün

  • Düýn seniň göwnüňe degipdir ejem, Şol hakda gürleşip otyrdyk biz hem. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Geregim, men onuň göwnüne degdim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

göz degmek

seret göz

  • Diýýär: --Göz degmegiň tarapdary sen, Ýel tursa-da, borsuň sebäpkäri sen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gulaga degmek

seret gulak

  • «Syrtlan barmyş» sesi gulagyna degeli bäri, ol indi gijelerine üzümiň içine-de girip bilenok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

janyna degmek

seret jan

  • Bu sözler Böriýewiň janyna degdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bu enäniň janyna degdi. (M. Gorkiý, Ene)

ok bolup degmek

Güýçli täsir etmek, örän gynandyrmak.

suwuna degmek

seret suw

ýokuş degmek

seret ýokuş

  • Artygyň soňky sözi Aşyra ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dogrusy, bu ýagdaý oňa birneme ýokuş degdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)