degirmek işlik

  1. Bir zady ikinji bir zada galtaşdyrmak, ýanaşyk goýmak.

    • Mundan soň bular tirseklerini ýassyga berip, biri-biriniň agzyna agyzlaryny degirjek ýaly ýakyn oturdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Stoly diwara degrip goýmak.

  2. Atyp ýa-da salyp nyşanany we ş. m. zady urmak, galtaşdyrmak.

  3. Bir zat ýokuşdyryp ýa-da sürtüp hapalamak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem degirmek - degrer, degripdir.