degişmek işlik

  1. Özara oýun edişip, bälçireşip gürrüň etmek ýa-da bir hereket etmek, wäşilik bilen biri-biriňe söz gatmak.

    • Begenç adatda gelin-gyzlar bilen sözleşmäge, degişmäge çekinmeýän, wäşi, şowhun bir ýigitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýigitler gülşüp, degşip baryşlaryna, ýoluň kynçylygyny äsgermezlik edýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Çalyşmak, alyşmak.

    • Men kitabymy ýoldaşym bilen degişdim.

  3. Özgermek, üýtgemek.

    • Diňe ýiti gözleriniň garaşy biraz degişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Emma häzir ýagdaý üýtgedi, syýasat degişdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Biri-birine degmek, gysylmak, ýanaşmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem degişmek - degşer, degşipdir.