degişli sypat

  1. Garamagynda bolan, garaşly, baglanyşykly.

    • Bu barada degişli guramalar bilen sözleşip hem goýupdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Dahylly, bagly, asyly, mahsus.

    • Meniň geljegim diňe maňa degişli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Meniň pikirimi barlamak size degişli däl! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mekdepden daşgyn geçirilýän işlere özüne degişli bolmadyk, bolgusyz bir iş hökmünde garaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Göz öňünde tutulan, laýyk, mahsus.

    • Allaýar tulumyň hemme jenaýatlarynyň üsti açylyp, boýnuna subut boldy, degişli jezasyna ýetdi. (A. Gowşudow, Eserler)