degenek

  1. Elde tutmaga we bir zady urmaga örän oňaýly, ykjam, saldamly (taýak, palta we ş. m. hakynda).

    • Onuň iki çalçasyndan başga degenek paltasy-da bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Degenek ojar Artygyň depesinden inerli boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Ykjam, çalasyn, gaýratly (adam).

    • Ol ýigrimi bäş ýaşlaryndaky degenek ýigit eken. («Tokmak» žurnaly)

    • Gyzdurdy hem degenek jahyl boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem degenek - degenegi.