deňsizlik

  1. Bütinleý meňzeş dällik, barabar dällik, laýyksyzlyk.

  2. Deň hukuksyzlyk, deň ygtyýarly bolmazlyk, deňlik bolmazlyk.

    • Ol Artygyň aýdanlaryna düýpleýin düşünmese-de, deňsizlik şemalynyň çalýanyny biraz syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Matematika Bir ululygyň başga bir ululykdan uly ýa-da kiçiligini görkezýän algebraik aňlatma.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem deňsizlik - deňsizligi.