deňemek işlik

  1. Bir zadyň ikinji bir zada barabardygyny, deň gelýändigini, ýetýändigini ýa-da ýetmeýändigini barlap görmek.

  2. Deň gymmatly görmek, barabar görmek, barabar tutmak.

    • Şuny edil görejiňe deňegin! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Sen hem özüňi adama deňeýärsiň-ow! («Görogly» eposy)

    • Men-ä garybam bolsam, özümi seniň bilen deňäp biljek däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)