deň sypat

Ululygy, ähmiýeti, hili we ş. m. boýunça biri-birlerine barabar bolan.

  • Hersi bir milletden bir topar adam, Deň ýöräp, dostlukda deň basyp gadam. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

deň göz bilen görmek (garamak)

Hemmelere bir meňzeş garaýyş bilen seretmek, hemmeler bilen deň gatnaşykda bolmak.

  • Yza galýanlara kömek ber -- diýdi, Hemmeleri deň göz bilen gör -- diýdi. (D. Baýmyradow, Söýgi we Mekirlik)