dazarylmak da‧za‧ryl‧mak işlik

Haýbat atmak, hemle urmak, ýüzüni almak, herrelmek.

  • Çyk ýygnakdan! -- diýip, dazarylmaga çenli baryp ýetdi. («Tokmak» žurnaly)

  • Ol Artyga gazap bilen dazaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bar, derrew kakaňa çaý gaýnat! -- diýip, saçyny hüžžerdip, Altynyň ýüzüne dazaryldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • dazaryldy
  • dazarylmaga
  • dazarylmak
  • dazarylyp
  • dazarylypdyr