dawa at

[da:wa:]

  1. Aýry-aýry meseleler boýunça adamlar arasynda döreýän ylalaşyksyzlyk.

    • Poemanyň çap bolup çykmagy her dürli edebi jemgyýetler arasynda dawalar döredipdir. («Edebiýat»)

    • Siziň iş hakynda edýän dawaňyza, heý, onuň dahyly barmy? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Galmagal, gykylyk, jenjel.

    • Bu ýerde dawany ulaldyp durasy iş ýok-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Maňa anyk garşylyk görkezmese-de, ertir onuň dawa turuzmagy mümkin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Göçme manyda Uruş, jeň.

    • Bir müň dokuz ýüz on dördünji ýylda dawa başlandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)