datmak işlik

[da:tmak]

  1. Tagamyny görmek, duzuny görmek.

  2. Nahardan we ş. m. birneme iýmek.

    • Bir gün duz dadan ýeriňe, müň gün salam. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem datmak - dadýar, dadar, dadypdyr.

şarpyk datmak

seret şarpyk

  • Eger duşman hüjüm etse, Bizden şarpyk dadar haýyn. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

yssyny-sowugy datmak

Her hili kynçylygy başdan geçirmek.

  • Yssyny sowugy köp dadan adam ýagşy urşar -- diýip, ony Eziziň özi kabul edipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)