dat1 at

[da:t]

Ýardam, kömek soralyp edilýän nala, zeýrenç aňladýan ümlük.

  • Dat! Ördek dost, ýüregim bulanyp, başym aýlanýar. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Dat! Işimiz gaýtdy! Wah arman, indi gaçara-da maý ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dat - dadym, dadyň.

dadyna ýetmek

Wagtynda ýetişip, birini kyn, çykgynsyz ýagdaýdan halas etmek.

  • Mert esgerler meniň dadyma ýetdi, Hojaýnym Amany aldy-da gitdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

dat etmek

Zeýrenmek, nala etmek.

dat2 at

[da:t]

Naharyň we ş. m. lezzetli tagamy.

  • Arryk etiň dady ýok.