darlyk

[da:rlyk]

  1. Egniňe syrlaşyp duran bolmaklyk, kiçilik (geýim hakda).

  2. Göwrümi, meýdany boýunça giň dällik, kiçilik, insizlik.

    • Meýdan darlyk etdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem darlyk - darlygy.