dargursak

[da:rgursak]

Her bir zada darygýan, ynjalyksyz, gahary tiz gelýän, sabyr-takatsyz.

  • Şol häsiýetimiň näçe eýmençdigine düşünsem-de, dargursak bolanym üçin, özüme özüm buýrup bilemok. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dargursak - dargursagy.