daramak1 işlik

  1. Darak bilen saça timar bermek, bulaşygyny aýyrmak.

    • Çalşyrdy iş lybasyn, Gara saçyn darady. (B. Kerbabaýew, Eserler Toplumy)

  2. Darakdan geçirmek, darak bilen tämizlemek.

daramak2 işlik

[da:ramak]

  1. Ýakyn aralyga çapyp geçmek (at hakda).

  2. Hüjüm etmek, okdurylyp topulmak, çozmak.

    • Olar Watany goraýar, Ganyma gurt dek daraýar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)