daralmak1 işlik

Darakdan geçirilmek, darap arassa edilmek.

  • Onuň kellesindäki köp wagt bäri daralman, telpek ýaly bolup giden bulaşyk saçlary onuň hyrsyzlygyny has hem güýçlendirýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

daralmak2 işlik

[da:ralmak]

  1. Dar bolmak, öňküsinden kiçelmek, girmek.

  2. Insiz bolmak, kiçelmek (giňişlik barada).

  3. Ýakyn aralyga çapylyp geçilmek (at hakynda).

  4. Göçme manyda seret darykmak

    • Baý öýünde giň dünýäsi daraldy, igledi-de, günbe-günden saraldy. (B. Kerbabaýew, Eserler Toplumy)