daraklyk1

Anatomiýa Dabanyň üzeňňilikden barmaklara çenli bolan bölegi.

  • Gulagyna bir wyşy-wyşy ilse, ol daraklygyna galyp, ýeke öýliniň horazy ýaly hekerjekläp, daş-töweregine seredýärdi. («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)

  • Garawul şol wagtda başga birinden üýşenip, aýaklarynyň daraklygyna basyp, koridor bilen gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daraklyk - daraklygy.

daraklyk2

Zoologiýa Ýaşyl reňkli, çüňki uzyn we guýrugy darak ýaly ýazylyp duran sara meňzeş guş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem daraklyk - daraklygy.