darak

  1. Saç daramak üçin ulanylýan diş-diş gural.

    • Baýmyrat Maralyň daragyny alyp gaçypdyr.

  2. Ýüň daramak üçin ulanylýan diş-diş gural.

  3. Dokma dokalanda çitilen çitimleri berkleşdirmek üçin kakylýan demir dişli, saply gural.

    • Jaýdan dokma daraklarynyň sesleri güpürdäp eşidilýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem darak - daragy.