daraýy

[dara:ýy]

Erşi gyzyl, argajy ýaşyl, gyzyl-ýaşyl öwsüp duran syk dokalan ýuka ýüpek mata.

  • Daraýydan köýneklim, Göz öňümden geçdiň sen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Tüýnükden düşýän günüň şöhlesi onuň daraýy köýneginde, el işinde oýnaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)