dammak işlik

Damjalap gaçmak, damja-damja bolup düşmek, damjalamak.

  • Iri-iri ýagyş damjalary damyp başlady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Artygyň gözünden ygtyýarsyz daman ýaş onuň günäsiz maňlaýynda tagma bolup galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

çyrasyna ýag dammak

seret çyra

  • Saranyň çyrasyna ýag damdy. («Tokmak» žurnaly)

maňzyňa dammak

seret maňyz

  • Okan jümleleri şol wagt onuň maňzyna dammady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýaňaklaryndan gan damaýyn diýmek

Örän gurat bolmak, eti-gany ýerinde, semiz bolmak.

  • Ynha, meselem, özüňden mysal al: bäş gün mundan öň seniň ýaňaklaryňdan gan damaýyn diýýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)