Syrygyp damýan kiçijik togalajyk suwuklyk, suwuklyk düwmejigi.
Gerek bolsa damja ganyň, Watan üçin bergin, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Gözlerinde bulduraşýan ýaş damjalary görünýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Köçe bilen pyýada barýan adamlaryň ýüzlerinde tükeniksiz der damjalary düzülýärdi. (K. Işanow, Watan üçin)
Mirap Begenç suwuň bir damjasyny yrýa etmezlik üçin baldyryny -- çyzgap ýörse-de, suw ýetenok. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Beterden beterine sezewar bolmak, öňküden-de erbet ýagdaýa düşmek.
Han küýli ýagyşdan gaçyp, damja uçrady. (A. Durdyýew, Han küýli)