Anatomiýa Gan we suwuk zatlaryň hereket edýän sosudalarynyň umumy ady.
Ol tüňňi görnüşli bolup; onda gan damarlary ýokdur, emma ol duýujy örän inçejik nerw damarlaryna baýdyr. (S. K. Karanow, Beterlän iriňli göz agyry)
Halnazaryň gazaby içine sygmady, gyzardy, damarlary tarsyldap urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Botanika Ösümlikleriň sapak görnüşli ownujak çylgymlary.
seret ýeňse
Beýle gürrüňler Garajanyň ýeňse damaryny derrew taýak ýaly gataldýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)