damak at

  1. seret bogaz1

  2. Nahar, iýmit, huruş.

    • Mundan ozal zalymlarda damagyna gezen çopan, gije-gündiz gan aglaýyp, ýaňagyny ezen çopan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Pylan ýerde bolanymyzda, pylan tüýsli damak berýärdiler, gowy naharlar berýärdiler -- diýip, bu burunlagyň agzyndaky hemişe nahar gürrüňidi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Myradyň nahardan bizar bolup ýatandygyny, gören Garly: --Myrat damagam iýmedi -- diýip gynandy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem damak - damagy.

damagyndan nan ötmezlik

Bir zadyň hasratyny çekip, bir zat hakda ünji edip, işdäden kesilmeklik.

damagyny çalmak

Bogazyny kesmek, öldürmek.

  • Musa aga goluny çermedi, pyçagyny daşa çaldy, toklyny güýldi-de, damagyny çaldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

damak bolmak

Dadyrarlar diýip tamakin bolmak.

pagta bilen damagyny çalmak

Süýji dil bilen işini görmek.

damak dolmak

Begençden ýa-da gynançdan ýaňa hamsykmak, agyň tutmak.

  • Begenjinden Gözel ejäniň damagy doldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Garrynyň damagy doldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)