dalmynmak işlik

  1. Ýalym-ýulum etmek, ýalanyp, tamşanyp durmak.

  2. Guwançly, arzuwly ýagdaýda bolmak.

    • Garynja guş ýaly dalmynyp dur. («Görogly» eposy)

    • Dodaklar dalmyndy, göwünler şatlykly galkyndy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)