daljygmak işlik

[da:ljygmak]

Ylgamak ýa-da çalt işlemek we ş. m. zerarly kynlyk bilen dem almak.

  • Ýegorjyk, onuň bu teklibine garşy boldy, sebäbi ol daljygyp, gaty ýadapdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Daljygan ýaly bolup, aýagyny uzyn salyp, haş-haş edip otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Göýä daşdan daljygyp, Ylgawyna gelen ýaly. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)