daldalamak işlik

  1. Pena edinmek, eliňi öňüňde tutup gorag edinmek, hemaýat edinmek.

    • Aşyr ikinji gezek elini galdyranda, ýaňagy gyzan Mawy elini daldalady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Goluňy galdyrmak, eliňi bulaýlamak.

    • Ýok, ýok, beýle zat bolmaz! -- diýip, Öwez elini daldalady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)