dalamak işlik

[da:lamak]

  1. Basyp-basmarlap, agyz urup çeýnemek, ýarmak, ýaryp horlamak, ýaralamak.

    • Biz it hem bolsak goýun itidiris: öz sürimizi dalamaga dişimiz ötmez. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Töweregime üýşen aç itler meni daladylar. (Myraly)

  2. Göçme manyda Ýüzüni almak, ýüzüne jabjynmak, azgyrylmak.

    • Halnazar hem Saryny zarply, ajy sözler bilen dalamak isledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)