dalak

[da:lak]

  1. Anatomiýa Adamyň organizminde ganly şarikleri işläp çykarmak proseslerine baglylykda dürli çylşyrymly funksiýalary ýerine ýetirýän içki esasy organ.

    • Gamçynyň degen ýeri dalak ýaly gyzardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Medisina Dalaga şikes ýetmek zerarly döreýän kesel.

    • Hamala, mende dalak keseli barmyşynda, meniň gutulmagym-da mümkin, ölmegim-de. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

    • Lukman hem tapmanmyş dalagyň emin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dalak - dalagy.

dalak bolmak

Dalak keseline sezewar bolmak, dalak keseli bilen kesellemek.

  • Soltan eje, ogluň dalak bolupdyr, munuň garnyny iňňelemeli. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

dalak çişmek

Köp ylgap ýadamak, daljygmak.

gök dalak bolmak (etmek)

Her hili sebäbe görä bedeniň, teniň reňki göge öwrülmek, göm-gök etmek.

  • Emma dodagyny dişläp, gök dalak etmek bilen ol çydady. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)