dakylmak işlik

  1. Tikilip berkidilmek (ilik, bagjyk we ş. m. hakda).

    • Bagjyk dakylmak.

  2. Baglanmak, iltelmek, ildirilmek.

    • Düýe aýagyna dakylan ýüpi üzüpdir.

  3. Äre berilmek, iltelmek (dul galan aýalyň öz äriniň doganlarynyň birine berilmegi hakynda).

    • Köne adatyň dakylmak azaryny egni bilen çeken şahyr ol adaty näletläpdir. («Edebiýat»)