dakmak işlik

  1. Tikip berkitmek (ilik, bagjyk we ş. m. zat hakynda).

    • Köýnegimiň ýeňine ilik dakdym.

  2. Ýük, goş-golaň urmak.

    • Men ýükümi olaryň düýesine dakdym.

  3. Baglamak, iltemek, asmak.

    • Olaryň boýunlaryna gulçulyk zynjyryny dakmak isleýän adamhor jellatlaryň ýigrenç pygyllaryny paş etdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  4. Äri ölen aýaly äriniň doganyna äre bermek, çatmak.

    • Uly agasy ölse, onuň aýalyny kiçisine dakardylar. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)

at dakmak

  1. seret at2

    • Annagula köpçüligiň ýene bir dakan ady züwwetdindi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Makul bilmezlik, edilen işe göwnüýetmezçilik etmek.